Hormatly atlary dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Hormatly atlary dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 10, 5940-njy madda)
Önjeýli zähmeti we bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga we Diýarymyzyň ulag edara-kärhanalaryny ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin:
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky № 3004 ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sürüjisi Gutlymyrat Sazakowa «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri» diýen hormatly ady,
Türkmenistanyň Döwlet ministri - «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy Nurmyrat Gulmyradowa «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 18-nji oktýabry
№ PP-2372