Türkmen diliniň täze elipbiýini kabul etmek hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Türkmen diliniň täze elipbiýini kabul etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 4, 1166-njy madda)
Garaşsyz Türkmennstan döwletiniň durmuşyny dünýäniň ösen ylmy, medeniýeti we öňdebaryjy tehniki progresi bilen has çuň baglanyşdyrmak, adamzat paýhasynyň gazanan iň gymmatly miwelerini Türkmenistaiyň halkyna elýeterli etmek, Türkmenistan döwletiniň dünýä siwilizasiýasyna goşulmagyny we dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda öz mynasyp ornuny eýelemegini çaltlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmen diliniň täze elipbiýini “Türkmen diliniň täze elipbiýi hakyndaky tekliplere garamak boýunça Hökümet komissiýasynyň” hödürlän nusgasynda kabul etmeli (täze elipbiý şu Permana goşulýar).
2. Türkmen diliniň täze elipbiýini 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ulanyşa girizmeli.
3. Turkmen diliniň täze elipbiýini durmuşa ornaşdyrmagyň taýýarlyk döwri bolan 1993-1996-njy ýyllarda şu mesele bilean baglanyşykly ediljek işleriň ählisini göz öňünde tutýan programmany işläp düzmegi Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyna we Ministrler Kabinetine tabşyrmaly.
4. Şu Permanda bellenilen çäreleri guramaçylykly durmuşa geçirmäge ýolbaşçylyk etmek üçin Döwlet guramaçylyk komitetini döretmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 12-nji apreli
№ PP-812
TÜRKMEN ELIPBIÝI
A a а
B b б
Ç ç ч
D d д
E e э
Ä ä Ә
F f ф
G g г
H h х
I i и
J j җ
Ž ž ж
K k к
L l л
M m м
N n н
Ň ň ң
O o o
Ö ö ө
P p п
R r р
S s с
Ş ş ш
T t т
U u у
Ü ü ү
W w в
Y y ы
Ý ý й
Z z з