«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Edermenlik» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 8, 5865-nji madda)
Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramakda gulluk eden mahaly görkezen mertligi we edermenligi üçin:
kapitan Ahmet Welihanowy,
kapitan Allaberdi Soltanowy,
uly leýtenant Myrat Amangeldiýewiç Jumageldiýewi,
leýtenant Toýly Jumaýewiç Durdyýewi,
leýtenant Halmyrat Meredowy (merhum),
rýadowoý Azat Allagulyýewiç Orazberdiýewi «Edermenlik» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 4-nji awgusty
№ PP-2336