Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Zapasdaky ofiserleri Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna harby gulluga çagyrmak hakynda we zapasdaky ofiserleriň hataryndan bolan harby gullukçylary Türkmenistanyň Serhet goşunlaryndan boşatmak barada

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Zapasdaky ofiserleri Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna harby gulluga çagyrmak hakynda we zapasdaky ofiserleriň hataryndan bolan harby gullukçylary Türkmenistanyň Serhet goşunlaryndan boşatmak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Zapasdaky ofiserleri Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna harby gulluga çagyrmak hakynda we zapasdaky ofiserleriň hataryndan bolan harby gullukçylary Türkmenistanyň Serhet goşunlaryndan boşatmak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 7, 5768-nji madda)

«Harby borç we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15 maddasynyň 3 punktuna laýyklykda we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyny ofiser kadrlary bilen berkitmek maksadyna eýerip, karar edýärin:

1. 1997 ýylyň oktýabrynda-dekabrynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zapasdaky ofiserler hataryndan bolan, harby gullugy geçmedik Türkmenistanyň graždanlaryny 2 ýyl möhlet bilen Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna harby gulluga çagyrmaly.

2. Zapasdan çagyrylan ofiserleriň sanyny 200 adam mukdarda bellemeli.

Zapasdaky ofiserleri gulluga çagyrmagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan tassyklanylan sanaw boýunça Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň harby-hasaba alyş hünärlerine bolan talaplaryna laýyklykda geçirmeli.

3. Zapasdaky ofiserleriň hataryndan 1995 ýylda gulluga çagyrylan, harby gullugyň bellenilen möhletlerini gulluk eden harby gullukçylary 1997 ýylyň oktýabrynda-dekabrynda Türkmenistanyň Serhet goşunlaryndan harby gullukdan boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 9-njy iýuly

№ PP-2285

Salgylanýar