Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhum faktory bolup durýan täze demir ýollary gurmagy çaltlandyrmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhum faktory bolup durýan täze demir ýollary gurmagy çaltlandyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 3, 1095-nji madda)
Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we sosial taýdan garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga hem-de çuňlaşdyrmaga möhüm ähmiýet bermek bilen we döwletiň ähli regionlarynyň ykdysady potensialyny, olaryn, mineral-çig mal, oba hojalyk hem-de zähmet resurslaryny kompleksleýin peýdalanmak, ilatyň durmuşynyň ýokary sosial-ykdysady we medeni derejesini gazanmak, möhüm syýasy şygar bolan, türkmen halkynyň durnukly durmuş derejesini hem-de jebisligini üpjun edýän «On ýyl abadançylyk» şygaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň halk hojalygynyň bütin strukturasyny üstünlikli özgertmek, ähli ýurtlar bilen dostlukly daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek we halkara ykdysadyýetine goşulmak uçin, karar edýärin:
1. Täze demir ýollary gurmagy we olary ulanmagy Türkmenistanyň agdyklaýyn ösdürilýän möhüm gurluşyklary hasaplap, olara möhüm syýasy hem-de ykdysady ähmiýet bermegi Ahal, Balkan, Daşhowuz, Mary, Lebap welaýatlarynyň, etraplaryň häkimlerine, degişli ministrlikleriň we wedomstwolaryň ýolbaşçylaryna tabşyrmaly.
2. Şu aşakdaky täze demir ýollary soňra elektrifikasiýalaşdyrmak bilen, gurmaga başlamaly:
a) AHAL WЕLAÝATY BOÝUNÇA:
şu aşakdaky demir ýol uçastoklaryny elektrifikasiýalaşdyrmaly:
AŞGABAT - BAMY
AŞGABAT – TЕJЕN
b) BALKAN WЕLAÝATY BOÝUNÇA:
şu aşakdaky demir ýollary gurmaly:
GAZANJYK - GYZYLGAÝA
GAZANJYK - GYZYLЕTRЕK
NЕBITDAG - ÇЕLЕKЕN
GYZYLGAÝA - KÖNЕÜRGЕNÇ
KRASNOWODSK – BЕKDAŞ
şu aşakdaky demir ýol uçastoklaryny elektrifikasiýalaşdyrmaly:
NЕBITDAG - KRASNOWODSK
NЕBITDAG - BAMY
GAZANJYK – GYZYLЕTRЕK
w) DAŞHOWUZ WЕLAÝATY BOÝUNÇA:
şu aşakdaky demir ýoly gurmaly:
KÖNЕÜRGЕNÇ – KЕRNAÝ
g) MARY WЕLAÝATY BOÝUNÇA:
şu aşakdaky demir ýoly gurmaly:
TЕJЕN - SARAHS
şu aşakdaky demir ýol uçastoklaryny elektrifikasiýalaşdyrmaly:
MARY - TЕJЕN
MARY - ÇÄRJЕW
TЕJЕN – SARAHS
d) LЕBAP WЕLAÝATY BOÝUNÇA:
şu aşakdaky demir ýollary gurmaly:
ÇÄRJЕW- KЕRKI - KЕRKIÇI
KЕRKI - TAHTABAZAR
şu aşakdaky demir ýol uçastoklaryny elektrifikasiýalaşdyrmaly:
ÇÄRJЕW - GAZOJAK
ÇÄRJЕW - FARAP
ÇÄRJЕW - KЕRKI- KЕRKIÇI
3. Şu aşakdaky gurluşygyna başlanan demir ýollaryň gurluşygyny çaltlandyrmagy şulara tabşyrmaly:
BALKAN WЕLAÝATYNA:
GAZANJYK - GYZYLGAÝA
GAZANJYK - GYZYLЕTRЕK
DAŞHOWUZ WЕLAÝATYNA:
KÖNЕÜRGЕNÇ - KЕRNAÝ
MARY WЕLAÝATYNA:
TЕJЕN - SARAHS
LЕBAP WЕLAÝATYNA:
ÇÄRJЕW - KЕRKI – KЕRKIÇI
4. Türkmenistan demir ýoluna 1993-nji ýylda 14 milliard möçberinde prosentsiz krediti berip, soňraky ýyllarda Hökümetiň kredit bermeginiň hasabyna täze demir ýollaryň gurluşygyny maliýeleşdirmegi göz öňünde tutmagy Türkmenistanyň Döwlet bankyna tabşyrmaly.
5. Täze demir ýollaryň gurluşygynyň barşy hakynda her aýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine habar bermegi welaýatlaryň, etraplaryň häkimlerine, degişli ministrlikleriň we wedomstwolaryň ýolbaşçylaryna tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 20-nji marty
№ PP-780