Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny wezipeden boşatmak barada

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny wezipeden boşatmak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň sudlarynyň sudýalaryny wezipeden boşatmak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5687-nji madda)

«Türkmenistanda sud gurluşy we sudýalaryň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 66 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Şulary:

Bäşimgeldi Hojanyýazowiç Amanowy, öz islegi boýunça, Ahal welaýatynynyň Aşgabat etrap sudunyň administratiw we ýerine ýetirijilik iş ýörediş baradaky sudýasy wezipesinden boşatmaly,

Nurmyrat Derýaýewiç Aýdogdyýewi, ygtyýarlygynyň konstitusion möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşyklylykda, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap sudunyň başlygy wezipesinden boşatmaly,

Şahyr Allanazarowiç Gaýypnazarowy, öz islegi boýunça, Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýasy wezipesinden boşatmaly,

Amangeldi Hallyýewi, ygtyýarlygynyň konstitusion möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşyklylykda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrap sudunyň sudýasy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 13-nji iýuny

№ PP-2234

Salgylanýar