Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bolmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almak hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTÝNIŇ
P Е R M A N Y
Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bolmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almak hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 2, 1031-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 31.07.1995 ý. çykaran № PP-1596 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1-nji we 2-nji punktlaryndan başgalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 31.07.1995 ý. çykaran № PP-1596 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
1. «Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bolmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almagy girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran № 252 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň graždanlaryndan, daşary ýurt graždanlaryndan we graždanlygy bolmadyk adamlardan girdeji üçin salgyt almak hakyndaky düzgünnama (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran № 481 we 1992-nji ýylyň 17-nji noýabrynda çykaran № 640 Permanlarynyň redaksiýasynda) şu aşakdaky üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1.1 bölümiň 3-nji punktunyň ýigrimi dördünji abzasyny aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:
«Türkmenistanyň Gahrymanlarynyň¸ Sowet Soýuzynyň Gahrymanlarynyň, «Şöhrat» ordeniniň üç derejesi bilen sylaglanan adamlaryň, Beýik Watançylyk urşunyň inwalidleriniň, şeýle hem pensiýa üpjünçiligi boýunça inwalidleriň ýokarda görkezilen kategoriýasy bilen deňleşdirilen inwalidleriň alýan girdejileri».
2.1 bölümiň 5-nji punktunyň aşakdaky mazmunly abzas bilen üstüni ýetirmeli:
«Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen sylaglanan graždanlary üçin - olaryň alýan ähli girdejileri boýunça 50 prosent möçberinde».
II. Şu Perman 1993-nji ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 18-nji fewraly
№ PP-772