Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda çagyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini
2018-nji ýylda çagyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 393-nji madda)
Ata-babalarymyzyň ýurdy dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesini, milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek baradaky meseleleri halkymyzyň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek, halkymyzyň taryhy döwlet tejribesini iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak, milli demokratiýamyzy ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi mundan beýläk-de döredijilikli dowam etdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde çagyrmaly.
2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisininiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin girizmeli.
3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 10-njy oktýabry.
№ PP-205
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda
çykaran PP-205-nji Permany bilen
tassyklandy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparynyň
DÜZÜMI
Toparyň Başlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Toparyň Başlygynyň orunbasary
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary
Toparyň agzalary
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy;
Türkmenistanyň Baş prokurory;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri;
Türkmenistanyň Goranmak ministri;
Türkmenistanyň Içeri işler ministri;
Türkmenistanyň Adalat ministri;
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň direktory;
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory;
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri;
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy;
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy;
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň Iş dolandyryjysy.