Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 10, 379-njy madda)
Ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyny düýpli özgertmek we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Maliýe ministrligini hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G.Myradow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 5-nji oktýabry
№ PP-191