S. Weýisow hem-de A. Öwezliýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZÝDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
S. Weýisow hem-de A. Öwezliýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 1, 963-nji madda)
Çölleri öwrenmek babatda Türkmenistanyň ylmyna goşan uly goşandy üçin, şu aşakdakylara «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Çöller institutynyň Repetekdäki çäge-çöl stansiýasynyň direktory Suwhanguly Weýisowa;
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Çöller institutynyň çölleri özleşdiriş laboratoriýasynyň müdiri Abdyrahman Öwezliýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 20-nji ýanwary
№ PP-750