Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanda dermanlyk serişdeleri ýerleşdirmegiň tertibi hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanda dermanlyk serişdeleri ýerleşdirmegiň tertibi hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanda dermanlyk serişdeleri ýerleşdirmegiň tertibi hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 1, 961-nji madda)

Medikamentler babatda hyýanatçylyklaryň we alyp-satmagyň, olaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşary äkidilmeginiň faktlarynyň ýaýramagyny nazara alyp hem-de ilaty dermanlyk serişdeleri bilen üpjün etmekde tertibi ýola goýmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Dermanlyk serişdeleriň hiline, peýdalanylyşyna we ýerleşdirilşine kontrollyk etmegi Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň üstüne ýüklemeli hem-de olary diňe dermanhana setiniň üsti bilen ýerleşdirmäge ygtyýar bermeli.

Dermanlyk serişdeleri bazarlarda, kommersiýa strukturalarynda we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, beýleki kärhanalarda satmagy gadagan etmeli.

Düzgüniň her bir hili bozulmagy üçin personal jogaikärçiligi Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministri ýoldaş A. Ataýewanyň üstüne ýüklemeli.

2. Dermanlyk serişdeleriň getirilmegini, äkidilmegini, şeýle hem olaryň öndürilmegini Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň berýän lisenziýalary esasynda amala aşyrmaly.

3. Hojalyk hasaplaşygyndaky «Türkmenfarmasiýa» önümçilik birleşigini ýatyrmaly we onuň işini gös-göni Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişini üpjün etmegi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetine, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligine, Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasyna tabşyrmaly.

Şu Perman gol çekilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 15-nji ýanwary

№ PP-748