Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Seresapsyzlyk zerarly jenaýat edendigi üçin iş kesilen adamlaryň Hatyra Güni bilen baglanyşyklylykda günäsini geçmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Seresapsyzlyk zerarly jenaýat edendigi üçin iş kesilen adamlaryň Hatyra Güni bilen baglanyşyklylykda günäsini geçmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Seresapsyzlyk zerarly jenaýat edendigi üçin iş kesilen adamlaryň

Hatyra Güni bilen baglanyşyklylykda günäsini geçmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 1, 958-nji madda)

Hatyra Güni bilen baglanyşyklylykda we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, karar edýärin:

1. Seresapsyzlyk zerarly jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen şu adamlary jeza çekmekden, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk jezany çskmekden boşatmaly:

a) Watany goramak baradaky söweş hereketlerine gatnaşan adamlary;

b) kämillik ýaşyna ýetmedikleri;

w) aýallary;

g) ýaşy 60-dan geçen erkek adamlary;

d) I we II toparlara degişli inwalidler diýlip ykrar edilen erkek damlary.

2. Seresapsyzlyk zerarly jenaýat edendigi üçin bäş ýyla çenli we bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly.

3. Seresapsyzlyk zerarly jenaýatlar üçin on ýyla çenli möhlet bilen we on ýyl azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen we bellenilen jeza möhletiniň ýarysyny çeken adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

4. Seresapsyzlyk sebäpli jenaýat edendigi üçin zähmete hökman çekmek bilen azatlykdan şertli mahrum edilen adamlary, hökümiň ýerine ýetirilmegini yza geçirmek bilen, azatlykdan şertli mahrum edilenleri, zähmete hökman çekmek bilen, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden şertli boşadylanlary, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki jeza çärelerine iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

5. Şu Permanyň, güýje girmeginden ozal şu aşakdaky adamlar tarapyndan seresapsyzlyk zerarly edilen jenaýatlar hakynadaky ähli derňelýän işleri we sudlara berilmedik işleri önümçilikden ýatyrmaly:

a) şu Permanyň 1-nji maddasynda sanalyp geçilen adamlar;

b) seresapsyzlyk sebäpli jenaýat edeni üçin azatlykdan mahrun etmek bilen baglanyşykly bolmadyk jeza göz öňünde tutulan adamlar;

w) seresapsyzlyk sebäpli jenaýat edeni üçin bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi göz öňünde tutulan adamlar.

Şu Permanyň güýje girmeginden ozal seresapsyzlyk zerary amala aşyrylan, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini bellemek göz öňünde tutulan jenaýatlar baradaky işler boýunça sud, eger azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly däl jeza çäresini ýa-da bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini bellemek zerur diýip ykrar etse, iş kesileni jeza çekmekden boşadýar.

6. Şu Permanyň 3-nji maddasynyň täsiri düşmeýän adamlaryň, hem-de seresapsyzlyk zerarly eden jenaýaty üçin on ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen adamlaryň jeza çekmedik möhletini ýarpy kemeltmeli.

7. Şu Permanyň 1-6-njy maddalarynyň güýjüni şu aşakdaky iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere;

b) jeza çekmegiň düzgünini zannyýaman bozujylara.

8. Amala aşyran jenaýaty üçin jezasyny çekmek bilen bir hatarda alkogolizmden, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury ýagdaýda bejermek çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşadylmaga degişli adamlar üçin günä geçiş akty olaryň ýaşaýan ýerinde keselini bejermegi hökman dowam etdirilmegi bilen ulanylýar.

9. Jeza çäresini çekýän mahalynda tussaglykda saklanylýan ýerden ýa-da tussag astyndan gaçan, ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek görnuşindäki jezany çekmekden boýun gaçyran hem-de şu Psrman çap edilen gününden başlap 15 gün möhletiň dowamyda milisiýa organlaryna ýa-da jeza çeken ýerine meýletin gaýdyp baran adamlar şu jenaýatlar için (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 209, 209-1-nji maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar hem-de şu Permana laýyklykda umumy esaslarda günäsi geçilmäge degişlidir.

10. Goşun bölümlerinden ýa-da gulluk edýän ýerlerinden birugsat giden, şu Perman çap edilen gününden başlap 20 gün möhletiň dowamynda ozalky gulluk edýän ýerlerine ýa-da etrap (şäher) harby komissarlyklaryna meýletin baran harby gullukçylar, gaçgaklar, nobatdaky hakyky harby gulluga çagyrylyşdan boýun gaçyran adamlar şu jenaýat üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 79-njy, 276-njy, 277-nji maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar we şu Permana laýyklykda umumy esaslarda günäsi geçilmäge degişlidir.

11. Türkmenistanyň sudlary, şeýle hem SSSR-iň Türkmenistanyň territoriýasyndaky sudlary tarapyndan iş kesilsn adamlar şu Permanyň täsirine düşýärler.

12. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär hem-de üç aýyň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 11-nji ýanwary

№ PP-744

Salgylanýar