Gurluşygy tamamlanylmadyk obýektleri bermek we satmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gurluşygy tamamlanylmadyk obýektleri bermek we satmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 1, 942-nji madda)
Duýpli maýa goýumlarynyn netijeliligini ýokarlandyrmak we gurluşygy tamamlanylmadyk obýektleri hojalyk dolanyşygyna çekmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Gurluşygy tamamlanylmadyk, Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň, şeýle hem Türkmenistanyn, döwlet kärhanalarynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan, 6 aýdan köp wagtlap gurluşyk işleri alnyp barylmaýan obýektler berilmäge ýa-da satylmaga degişlidir diýip bellemeli.
2. Gurluşygy tamamlanylmadyk obýektleri bermek we satmak hakyndaku düzgünnamany bir aý möhletde işläp taýýarlamagy hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermegi Türkmenistanyň Döwlet emlägi we telekeçiligi goldamak ministrligiine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Arhitektura we gurluşyk işleri baradaky döwlet uprawleniýesine tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 6-njy ýanwary
№ PP-728