Arçabil şäherini we Arçabil etrabyny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Arçabil şäherini we Arçabil etrabyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 11, 533-nji madda)
Bitarap garaşsyz Türkmenistanyň paýtagtyny türkmen halkynyň altyn asyry bolan täze asyrda dünýäde iň häzirki zaman hem-de gözel şäherleriň birine öwürmek, hakyky taryhy, medeniýeti we gadymy däp-dessurlary dikeltmek, Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:
1. Pöwrize we Wanowskiý ilatly ýerleriniň atlaryny ýatyryp, olaryň esasynda ilatly ýeri döretmeli, oňa şäher derejesini bermeli hem-de Arçabil adyny dakmaly.
2. Aşgabat şäherinde merkezi Arçabil şäheri bolan täze etraby döredip, oňa Arçabil adyny dakmaly.
Aşgabat şäheriniň önki Pöwrize, Wanowskiý şäherçeleriniň, Jülgäniň hem-de Çüliniň ýerlerini we Ahal welaýatynyň Aşgabat hem-de Gökdepe etraplarynyň ýerleriniň bir bölegini täze etrabyň düzümine goşmaly.
3. Çüli jülgesiniň adyny üytgedip, oňa Gökdere adyny dakmaly.
4. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi täze döredilen Arçabil şäheriniň we etrabynyň edara ediş serhetlerini bellenilen tertipde teswirlemeli.
5. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi täze döredilen Arçabil şäherinde we etrabynda döwlet häkimiýei hem-de dolandyryş edaralaryny saklamak üçin zerur maliýe serişdeleriňiň berilmegini Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmaly.
6. Degişli ministriikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, täze döredilen Arçabil şäheriniň we etrabynyň çäklerinde pudaklaýyn gulluklary Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşyp döretmäge Aşgabat şäheriniň häkimligine ygtyýar bermeli.
7. Türkmenistanda şäherçeleriň we geňeşlikleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-ýylyň 5-maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan sanawyna degişli üýtgetmeler girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 10-njy noýabry
№ PP-3204