Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 9, 455-nji madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyyş boýunça harby gullugy geçyän, bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2000-ýylyň noýabrynda - dekabrynda gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary 2000-ýylyň oktýabrynda - dekabrynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 12-nji sentýabry
№ PP-3183