Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

A.C.Amangeldiýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

A.C.Amangeldiýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A.C.Amangeldiýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 8, 399-njy madda)

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmekde, ýaş nesli Ata Watanymyza, milli däp-dessurlarymyza wepalylyk we söýgi ruhunda terbiýelemekde hem-de olary aýdym-saz sungatyna höweslendirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň sungat mekdebiniň çagalar halk saz gurallary toparynyň çeper ýolbaşçysy Akmämmet Çaryyewiç Amangeldiýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 24-nji awgusty

№ PP-3164