Ş. Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ş. Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 8, 398-nji madda)
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmekde, ýaş nesli Ata Watanymyza, milli däp-dessurlarymyza wepalylyk we söýgi ruhunda terbiýelemekde hem-de olary aýdym-saz sungatyna höweslendirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Medeniýet öýüniň çagalar aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy Şirmyrat Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 24-nji awgusty
№ PP-3163