Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

M.Bagşyýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

M.Bagşyýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

M.Bagşyýewe «Türkmenistanyň at gazanan

medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 8, 396-njy madda)

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli medeniýetini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Altyn halka» halk saz gurallary toparynyň çeper ýolbaşçysy Muhammetmyrat Bagşyýewe «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 23-nji awgusty

№ PP-3161