«Türkmendökünhimiya» döwlet konsernini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmendökünhimiya» döwlet konsernini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 6, 299-njy madda)
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-ýyla çenli döwür üçin baş ugry» atly Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan himiýa senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň himiýa senagatynyň önümlerine bolan talaplaryny doly kanagatlandyrmagy we himiýa toplumynyň kärhanalarynyň we guramalarynyň dolandyryjysynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
«Türkmendökünhimiya» döwlet konsernini döretmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2000-nji ýylyň 15-nji iýuny
№ PP-3129