Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky toparlar hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky toparlar hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Aýry-aýry prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky toparlar hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 5, 252-nji madda)

2000-ýylyň 12-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň öýlerini dökmegi gadagan etmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna we «Jenaýat işlerini gozgamagyň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Raýatlaryň öyünde döküş geçirmek, şeýle hem jenaýat işlerini gozgamak ýaly prosessual hereketier amala aşyrylan mahaly düzümi we ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän etrap (şäher), welaýat we Aşgabat şäher toparlarynyň deslapdan rugsat bermegi bilen, Türkmenistanyň kanunlarynda görkezilen esaslar boýunça we tertipde geçirilýär.

Şol hereketler amala aşyrylanda kanunylygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Baş prokuroryndan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrinden we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygyndan ybarat bolan Döwlet toparyny döretmeli.

2. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri 2000-ýylyň 15- maýyna çenli şu Permanyň 1-maddasynda görkezilen hereketler geçirilende kanunylygy üpjün etmek baradaky welaýat, şäher we etrap toparlarynyň düzümini tassyk etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine teklip girizmeli.

3. Prosessual hereketler amala aşyrylan mahaly kanunylygy üpjün etmek baradaky Döwlet, welaýat we Aşgabat şäher, etrap (şäher) toparlary hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

4. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna girizmek hakyndaky teklipleri bir hepde möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Prezidentine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 12-nji maýy

№ PP-3110