Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Welaýat hojalyk sudlaryny ýapmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Welaýat hojalyk sudlaryny ýapmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Welaýat hojalyk sudlaryny ýapmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 2, 106-madda)

Türkmenistanyň Ýokary hojalyk sudunyň ýapylmagy bilen baglanyşykly we Türkmenistanyň Konstitustyasynyň 57-maddasyna laýyklykda, karar edyärin:

1. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat hojalyk sudlaryny ýapmaly.

2. Ýapylan Türkmenistanyň Ýokary hojalyk sudunyň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat hojalyk sudlarynyň emlägini Türkmenistanyň ýokary sudunyň hasabyna bermeli.

Kabul etmegi - bermegi 2000-ýylyň 1-ýanwaryndaky ýagdaý boýunça geçirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 14-nji fewraly

№ PP-3052

Salgylanýar