Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Turizm we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Turizm we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Turizm we sport baradaky döwlet komitetini

döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 1, 26-madda)

1. Türkmenistanyň Turizm we sport baradaky döwlet komitetini döredip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky komiteti hem-de Türkmenistanyň «Türkmensyýahat» döwlet turistik korporasiýasyny ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Turizm we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen bilelikde Komitet hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny 10 gün möhletde işläp taýarlamaly we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 28-nji ýanwary

№ PP-3035