Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 1, 9-madda)

Türkmeniň altyn asyry - XXI asyryň bosagasynda bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň halkynyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de türkmen we türk halklarynyň arasyndaky mizemez dost-doganlygy berkitmäge, ösdürmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, karar edyärin:

Şulary Türkmenistanyň Döwlet sylaglary bilen sylaglamaly:

«Gaýrat» medaly bilen:

Ziýa Güwenkayany - «Güneýkaýa sanaýy we tijiaret» firimasynyň ýolbaşçysy,

llhan Ipekçini - «Erku» firmasynyň ýolbaşçysy,

Kadyr Eseni - «Türsen turizm, tijaret» firmasynyň ýolbaşçysy,

Erol Üçeri - «Gama indastri» firmasynyň ýolbaşçysy;

«Watana bolan söygüsi üçin» medaly bilen:

Dursun Uýary - «Ýimpaş Holdiň» korporasiýasynyň başlygy,

Irfan Dölegi - «Seljuk Türkmen Konstrakşn Treýdin» Kompani» konsorsiumynyň we «Seçe Konstrakşn Treýdin Kompani» firmasynyň başlygy,

Kadyr Seweri - «Mensel» firmasynyň Dolandyryjy geňeşiniň başlygy,

Najy Sarybaşy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Energetika bölüminiň başlygy,

Oktay Özüýäni - Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly llçisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 20-nji ýanwary

№ PP-3015