Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine Myratberdi Sopyyewiň adyny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine Myratberdi Sopyyewiň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine Myratberdi Sopyyewiň adyny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2000 ý., № 1, 1-madda)

Türkmen halkynyň altyn asyrynyň -XXI asyryň bosagasynda garaşsyz bitarap Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, oba hojalygyny ösdürmäge, «10 ýyl abadançylyk» we «Däne» maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, türkmen obasynyň keşbini özgertmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyny, «Türkmenistan» daýhan birleşigine uzak ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk etmegini we bu daýhan birleşigini ülkämiziň iň öňde baryjy hojalygyna öwrendigini hem-de özüniň merdana zähmeti bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolandygyny, şeýle hem «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň köp sanly isleglerini we Ahal welaýatynyň häkimliginiň haýyşnamalaryny nazara alyp, karar edýärin:

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşigine Myratberdi Sopyýewiň adyny dakmaly we mundan beýläk ony Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky daýhan birleşigi diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 2- nji ýanwary

№ PP-3006