Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 9, 453-nji madda)

Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenistanyň ulaglardaky prokuraturalaryny ýapmak hakynda" 1999-ýylyň 4-maýynda çykaran № 2832 we "Türkmenistanyň garnizonlarynyň prokuraturalaryny ýapmak hakynda" 1999-ýylyň 4-maýynda çykaran № 2833 Permanlaryna laýyklykda, karar edýärin:

I. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu namalaryna üýtgetmeler girizmeli:

1.Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-ýylyň 12- sentýabrynda çykaran № 1905 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Düzgün-nyzam tertipnamasynyň 90-maddasynyň ikinji böleginde we 94-maddasynyň bäşinji böleginde (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-ý., №9, 5173-madda) "harby" diýen sözi aýyrmaly.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-ýylyň 6-ýanwarynda çykaran № 2094 Permany bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Içerki gullugynyň tertipnamasynyň 91 -maddasynyň on üçünji abzasynda «harby» diýen sözi aýyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-ýylyň 22-ýanwarynda çykaran № 2454 Permany bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Garnizon we garawul gulluklarynyň tertipnamasynda:

20-maddanyň ýigrimi birinji böleginde "harby" diýen sözi aýyrmaly;

25-maddanyň dokuzynjy böleginde "harby", "garnizon" diýen sözleri aýyrmaly;

27-maddada "harby" diýen sözi aýyrmaly;

45-maddanyň on üçünji böleginde "harby","garnizon" diýen sözleri aýyrmaly;

50-maddanyň üçünji böleginde "harby" diýen sözi aýyrmaly;

87-maddanyň ikinji böleginde "harby", "garnizon"diýen sözleri aýyrmaly;

88-maddada:

onunjy böleginde "harby" diýen sözi aýyrmaly;

on altynjy böleginde "harby" diýen sözi aýyrmaly;

168-maddanyň ikinji böleginde "harby" diýen sözi aýyrmaly;

№ 14 goşundyda:

2-punktyň üçünji abzasynda "harby" diýen sözi aýyrmaly;

6-punktyň üçünji abzasynda "harby" diýen sözi aýyrmaly;

13-punktyň birinji abzasynda "harby" diýen sözi aýyrmaly;

"19__ ýylda gabawda saklanylýan tussaglaryň kitaby" tablisasynyň belliginde "harby" diýen sözi aýyrmaly;

33-punktda "harby" diýen sözi aýyrmaly;

34-punktda "harby" diýen sözi aýyrmaly;

36-punktda "harby" diýen sözi aýyrmaly;

"Harby prokuratura edaralary hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-ýylyň 12-martynda çykaran № 332 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1992 ý., № 3, 183-madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 9-njy sentýabry

№ PP-2953