Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky Milli gullugy döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky Milli gullugy döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy¸ 1999 ý.¸ № 8¸ 402-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň30.05.2001 ý. çykaran № PP-3405 Permany
esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Iki müňýyllygyň taryhy sepgidinde Türkmenistanyň XXI asyra – türkmen halkynyň «altyn» asyryna hemmetaraplaýyn taýýarlykly gadam basan, çalt depginler bilen ösýän döwlete öwrüldi. 2005-2010-ýyllara çenli döwürde milli ykdysadyýeti ösdürmegiň baş ugry milli ykdysadyýetiň köppudakly binýadyny¸ şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň tebigy serişdelerini özleşdirmek arkaly pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge mümkinçilik berer.
Hazar deňziniň döwletimiziň aýrylmaz bölegi we geljegi uly ykdysady binýady bolan milli bölegini özleşdirmek gün-günden has möhüm we hakyky wezipä öwrülýär. Şu wezipäniň ahyrky netijesi Hazar deňziniň türkmen böleginiň milli ykdysadyýetiň ulgamyna doly we hemmetaraplaýyn goşulmagyny¸ ýaş garaşsyz döwletiň öňdebaryjy deňiz döwletine öwrülmegini üpjün etmelidir.
Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen¸ karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky Milli gullugy döretmeli.
2-nji bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 30.05.2001 ý. çykaran № PP-3405 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 12-nji awgusty
№ PP-2936