Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyny bellemek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 5, 206-njy madda)

Gahryman türkmen halkymyz ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda özbaşdak, garaşsyz döwlet, azat, erkana durmuş hakynda arzuw edipdirler. Şol beýik umyt-arzuwlar nesilden-nesle geçip, halkymyzyň ýüreginde ýaşapdyr. Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy öz halkynyň garaşsyz döwlet, azat durmuş hakyndaky isleglerini ölmez-ýitmez eserleri bilen wasp edipdir we şu mukaddeslikleriň özeniniň il-günüň agzybirligindedigini nygtapdyr.

Türkmen halky sekiz ýyl mundan ozal ata-babalarymyzyň yüzlerçe ýyllap arzuwlan garaşsyz döwletiniň hakyky eýesi boldy we onuň esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanuny taýdan berkidildi. Garaşsyz ýurdumyzyň bitaraplygy dünýäniň 185 döwleti tarapyndan ykrar edildi. Halkymyz azat, erkana, parahat durmuşda agzybirlikde zähmet çekip, täze umytlary we beýik maksatlary bilen özüniň altyn asyryna barýar.

Türkmen halkynyň ykbaly üçin şu wakalaryň ägirt uly ähmiýetini nazara alyp, ata Watanymyzyň her bir raýatynyň azat, erkana we parahat durmuşda ýaşamagynyň kepilnamasy bolan Konstitusiýamyzyň kabul edilen güni mynasybetli hem-de il- günümiziň agzybirligini, jebisligini wasp eden Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň hem şu beýik senä gabat gelýändigini göz öňünde tutup, karar edýärin:

Her ýylyň 18-maýyny türkmen halkynyň milli bayramy - Galkynyş,agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýip yglan etmeli hem-de ony dynç alyş güni diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 19-njy maýy

№ PP-2846

Salgylanýar