Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň garnizonlarynyň harby prokuraturalaryny ýapmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň garnizonlarynyň harby prokuraturalaryny ýapmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň garnizonlarynyň harby prokuraturalaryny ýapmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 5, 195-nji madda)

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we beýleki goşunlarynda prokuror gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem prokuratura edaralarynyň gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Aşgabat, Mary, Guşgy, Gyzylarbat, Türkmenbaşy, Lebap we Daşhowuz garnizonlarynyň harby prokuraturalaryny ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we goşun birikmelerinde kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak boýunça ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Baş prokurorynyň we onuň tabynlygyndaky prokurorlaryň üstüne ýüklemeli.

3. Aşgabat garnizonynyň ýapylan harby prokuraturasynyň wezipelerini Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we goşun birikmelerinde kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik baradaky uprawleniýesine berip, onuň işgärlerinin sanyny Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň merkezi edarasynyň işgärleriniň umumy sanynyň çäklerinde köpeltmeli.

4. Türkmenistanyň Baş prokurory bir aý möhletde:

garnizonlaryň ýapylan harby prokuraturalarynyň boşan wezipe sanynyň hasabyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň prokuraturalarynyň düzüminde işgärlerin umumy sany 20 adam bolan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we goşun birikmelerinde kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik baradaky bölümleri döretmeli;

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň gurluşyna, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň prokuraturalarynyň gurluşyna we kollegiýalarynyň düzümine degişli üýtgetmeleri girizmeli;

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri kanunlara girizmek hakyndaky teklipleri taýyarlamaly.

5. Garnizonlaryň harby prokuraturalarynyň ähli harby gullukçylaryny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden boşadyp, olara kanunlarda göz öňünde tutulan öwezini dolmalary tölemegi we guramaçylyk wezipe özgertmeleri bilen baglanyşykly harby gullukdan boşadylan harby gullukçylar üçin bellenilen ýeňillikleri bermegi Türkmenistanyň Goranmak ministrine tabşyrmaly.

6. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 4-nji maýy

№ PP-2833