Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň ulaglardaky Prokuraturalaryny ýapmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň ulaglardaky Prokuraturalaryny ýapmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň ulaglardaky Prokuraturalaryny ýapmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1999 ý., № 5, 194-nji madda)

Ulaglarda kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak we prokuratura edaralarynyň gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň, Çärjewiň, Marynyň we Daşhowzyň ulaglardaky prokuraturalaryny ýapmaly.

2. Ulaglarda kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak boýunça ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Baş prokurorynyň we onuň tabynlygyndaky prokurorlaryň üstüne ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ulaglarda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik baradaky bölümini Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň işgärleriniň umumy sanynyň çäklerinde onuň ulaglarda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik baradaky uprawleniýesine öwrüp, Aşgabadyň ýapylan ulaglardaky prokuraturasynyň wezipelerini onuň üstüne ýüklemeli.

4. Türkmenistanyň Baş prokurory bir aý möhletde:

ýapylan ulaglardaky prokuraturalaryň boşan wezipe sanynyň hasabyna welaýatlaryň prokuraturalarynyň düzüminde işgärleriniň umumy sany 20 adam bolan ulaglarda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek baradaky bölümleri, şeýle hem Türkmenbaşy we Çärjew şäherleriniň prokuraturalarynda her biriniň işgär sany 4 adam bolan ulaglarda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik baradaky goşmaça toparlary döretmeli;

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň gurluşyna, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň prokuraturalarynyň gurluşyna we kollegiýalarynyň düzümine degişli üýtgetmeleri girizmeli;

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri kanunlara girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamaly.

5. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1999-njy ýylyň 4-nji maýy

№ PP-2832