M. Gulmyradow, P. Tüniýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakyhda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
M. Gulmyradow, P. Tüniýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady dakmak hakyhda
010.200.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 10, 742-madda)
Türkmen halk sazyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary we ýokary hünär ussatlygy üçin, şu aşakdakylara «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady dakmaly:
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Daýhan» kolhozynyň oba klubunyň direktory Myrat Gulmyradowa.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň № 10 orta mekdebiniň mugallymy Perdeli Tüniýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 25-nji oktýabry
№ UP-631