Raýatlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen ýüz-tutmalary bilen iş alyp barmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Raýatlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen
ýüz-tutmalary bilen iş alyp barmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1999 ý., № 1, 11-nji madda)
Raýatlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen arzalaryna, şikaýatlaryna we tekliplerine garamagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem döwlet edaralarynyň raýatlaryň ýüztutmalary bilen iş alyp barmak baradaky işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksadyna eýerip, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynda Raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky bölümi döretmeli.
Täze döredilen Bölümiň üstüne şu işleri ýüklemeli:
raýatlaryň ýüztutmalarynda bolan ýagdaýlary, materiallary we teklipleri hemmetaraplaýyn, dogruçyl hem-de öz wagtynda öwrenmegi;
raýatlaryň ýüztutmalaryna garamagy guramagy we olaryň çözülişiniň ýagdaýyna gözegçilik etmegi;
raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagynyň ýüze çykmagyna ýardam edýän sebäpleri hem-de şertleri ýüze çykarmaga;
welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky bölümleriniň işini utgaşdyrmagy;
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen ýüztutmalary bellige almagy, hasaba almagy, umumylaşdyrmagy we seljermegi;
gelip gowşan ýüztutmalara degişli meseleler boýunça her hepdede Türkmenistanyň Prezidentine habar bermegi.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň jaýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen ýazmaça ýüztutmalar üçin ýörite gutulary oturtmaly.
3. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri:
öz edaralarynda bellenilen wezipe sanynyň çäklerinde raýatlaryň öz adyna iberilen ýüztutmalaryna garamak boýunça bölümleri döretmeli;
welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň jaýlarynda raýatlaryň welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň adyna iberilen ýüztutmalary üçin ýörite gutulary oturtmaly.
4. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, feldýegerçilik aragatnaşygynyň birlikleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilen hat-habarlary raýatlaryň ýüztutmalary üçin ýörite gutulardan çykaryp alýarlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň Edarasyna eltýärler diýip bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1999-njy ýylyň 14-nji ýanwary
№ PP-2745