Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň agrosenagat kompleksiniň işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň agrosenagat kompleksiniň işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň agrosenagat kompleksiniň işgärlerine

hormatly atlary dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 10, 735-madda)

Türkmenistanyň oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda gazanan ýokary önümçilik netijeleri we birkemsiz işländigi üçin, şu aşakdakylara hormatly atlary dakmaly:

«Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri»

Türkmen döwlet «Türkmenderman» ylmy-önümçilik birleşiginiň «Buýan» agrar-senagat kompleksiniň ikinji bölüminiň Burdalyk brigadasynyň traktorçysy Jora Aganyýazowa.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Pendi» kolhozynyň dowardarçylyk fermasynyň baş çopany Hümmetberdi Annaýewe.

Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň Mary welaýat suwaryş sistemalary uprawleniýesiniň naçalnigi Welsähet Gurbanowiç Atajanowa.

Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet gorughanasynyň 1 kategoriýaly spesialisti Ogulsapar Atamyradowa.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Moskwa» kolhozynyň baş agronomy Gurbanmyrat Gulamowa.

Daşhowuz welaýatynyň Telman etrabynyň «Bereket» kolhozynyň brigadiri Hudaýberdi Gurbanowa.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň J. Mähremow adyndaky kolhozynyň prawleniýesiniň başlygy Süleýman Jumagulyýewe.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň SSKP-niň XVII gurultaýy adyndaky kolhozynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Annaberdi Gurbangeldiýewe.

Daşhowuz welaýatynyň Oktýabr etrabynyň «Sosializm» kolhozynyň kolhozçysy Aýsona Gurbanmädowa.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Yzgant» sowhozynyň süýt-haryt fermasynyň müdiri Orazsähet Gurbansähedowa.

Daşhowuz welaýatynyň Oktýabr etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky kowhozynyň şalyçylyk brigadasynyň brigadiri Satkanbaý Mektepowa.

Örüleri abadanlaşdyrmak we suwlulandyrmak baradaky Türkmenistan önümçilik birleşiginiň Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen mehanizmleşdirilen göçme kolonnasynyň guýy gazyjylar brigadasynyň brigadiri Waleriý Grigorýewiç Nowikowa.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Pobeda» kolhozynyň kärendeçisi Baýmuhammet Nurýagdyýewe.

Daşhowuz welaýatynyň Lenin etrabynyň «Täze ýol» kolhozynyň brigadiri Öre Öwezowa.

Daşhowuz welaýatynyň Daşhowuz etrabynyň S. Rozmetow adyndaky kolhoz-agrofirmasynyň traktorçylar brigadasynyň brigadiri Baltabaý Orazmedowa.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Frolow adyndaky sowhozynyň gök ekerançylyk brigadasynyň brigadiri Babanyýaz Sazakowa.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Mir» kolhozynyň prawleniýesiniň başlygy Durdymyrat Sapaýewe.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Gyzyl Oktýabr» kolhozynyň biologiýa laboratoriýasynyň müdiri Hudaýberdi Sapargeldiýewe.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň K. Marks adyndaky kolhozynyň prawleniýesiniň başlygy Bäşim Sähedowa.

M. I. Kalinin adyndaky Türkmenistan oba hojalyk institutynyň topragy öwreniş, agrohimiýa we ekerançylyk kafedrasynyň dosenti Kerim Sähedowa.

Daşhowuz welaýatynyň Oktýabr etrabynyň S. A. Nyýazow adyndaky sowhozynyň kombaýnçysy Nurmuhammet Täçnazarowa.

Daşhowuz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» kolhozynyň prawleniýesiniň başlygy Kakow Haýytjanowa.

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Sowet Türkmenistany» agro-firma-kolhozynyň däneçilik brigadasynyň brigadiri Ýazmyrat Hudaýberdiýewe.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň ekerançylyk institutynyň direktory Atadurdy Hudaýgulyýewe.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Moskwa» kolhozynyň prawleniýesiniň başlygy Muzrap Hudaýnazarowa.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gülüstan» kolhozynyň prawleniýesiniň başlygy Muhammetmyrat Çaryýewe.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Çapaýew adyndaky kolhozynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Nazakat Şaýykulyýewna Şeripowa.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» sowhozynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Oguloraz Esenowa.

«Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri»

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysady analiz we sosial meseleler bölüminiň konsultanty Atamyrat Mustafaýewe.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň «Türkmenbalyksenagat» önümçilik birleşiginiň balyk tutujy gämisiniň kapitanynyň uly kömekçisi Aşyr Taganowa.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we azyk ministrliginiň pagta taýýarlamak hem-de gaýtadan işlemek bölüminiň naçalnigi Atagylyç Tokgaýewe.

«Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy»

Türkmenistanyň Ýerden peýdalanmak, ýer gurluşygy we ýer reformasyny geçirmek baradaky döwlet komitetiniň ýerden peýdalmak, ýer gurluşygy we ýer reformasyny geçirmek baradaky Lebap welaýat uprawleniýesiniň naçalnigi Hemra Artykowa.

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy»

Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Komsomol» atçylyk zawodynyň seýisi Taýly Taýmazowa.

«Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy»

Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Garagumsowhozgurluşyk» trestiniň № 2 mehanizmleşdirilen göçme kollonnasynyň proraby Agajan Ysmaýylowiç Ibragimowa.

Türkmenistanyň Meliorasiýa we suw hojalyk ministrliginiň «Günbatarsuwgurluşyk» trestiniň № 17 mehanimleşdirilen göçme kolonnasynyň naçalnigi Nikolaý Mihaýlowiç Fokine.

«Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy»

Türkmenistanyň Galla önümleri ministrliginiň ykdysadyýet, maliýe we nyrhlar uprawleniýesiniň naçalnigi Swetlana Liýe.

Türkmenistanyň Ýerden peýdalanmak, ýer gurluşygy we ýer reformasyny geçirmek baradaky döwlet komitetiniň «Türkmengiprozem» institutynyň ýer kadastry bölüminiň naçalnigi Çary Pirmuhammedowa.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 23-nji oktýabry

№ UP-623