Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyllygy mynasybetli amnistiýa hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyllygy mynasybetli amnistiýa hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyllygy mynasybetli amnistiýa hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 9, 672-madda)

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyllygy mynasybetli we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, karar edýärin:

1. Şu aşakdaky azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri jeza çekmekden şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly däl jezany çekmekden boşatmaly:

a) Watany goramak baradaky söweş hereketlerine gatnaşan adamlary;

b) aýallary;

w) ýaşy 60-dan geçen erkek adamlary;

g) I we II toparlara degişli inwalidler diýlip ykrar edilen erkek adamlary.

2. Üç ýyla çenli we üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de ozal terbiýeleýiş-zähmet koloniýalarynda çekmedik kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

3. Üç ýyldan köp şeýe bäş ýyla çenli hem-de bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, ozal terbiýeleýiş-zähmet koloniýarynda jeza çekmedik, bellenilen jeza möhletiniň azyndan üçden bir bölegini çeken, kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

4. Seresapeyzlyk zerarly edilen jenaýatlar üçin üç ýyla we üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

5. Seresapsyzlyk zerarly edilen jenaýatlar üçin üç ýyldan we bäş ýyla çenli hem-de bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen we bellenilen jeza möhletiniň azyndan dörtden bir bölegini çeken adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

6. Zähmete hökman çekmek bilen azatlykdan mahrum etmäge şertli iş kesilen hem-de bellenilen jeza möhletiniň azyndan bir bölegini çeken adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

7. Şertli iş kesilen, hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden zähmete hökman çekmek bilen şertli boşadylan şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki jeza çärelerine iş kesilen adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

8. Sürgün etmek we göçürmek jezasy özi barada esasy ýa-da goşmaça jeza çäresi hökmünde ulanylan iş kesilen adamlary sürgün etmek we göçürmek görnüşinde jeza çekmekden boşatmaly.

9. Düzgün-nyzam batalýonlaryna ibermäge iş kesilen harby gullukçylary jeza çekmekden boşatmaly.

10. Bilkastlaýyn jenaýat üçin üç ýyla çenli we üç ýyla çenli we üç ýyl bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de bellenilen möhletiniň azyndan üçden bir bölegini çeken adamlary jeza çekmekden boşatmaly.

11. Şu Permanyň güýje girmeginden ozal şu aşakdaky adam tarapyndan edilen jenaýatlar hakyndaky ähli derňelýän işleri sudlar tarapyndan garalmadyk işleri önümçilikden ýatyrmaly:

a) 1-nji maddada sanalyp geçilen we şu Permanyň 13-nj maddasynyň täsirine düşmeýän adamlar;

b) azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly däl jeza çäreleri göz öňünde tutulan jenaýatlary eden adamlar;

w) üç ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly edilen jenaýatlary eden adamlar;

g) üç ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi göz öňünde tutulan jenaýatlary eden, ozal terbiýeleýiş-zähmet koloniýalarynda jeza çekmedik kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlar.

Ozal terbiýeleýiş-zähmet koloniýalarynda jeza çekmedik, kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlar tarapyndan şu Permanyň güýje girmeginden ozal edilen, üç ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresi göz öňünde tutulan jenaýatlar hakyndaky işler boýunça sud, eger üç ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jeza çäresini bellemek zerur diýip hasap etse iş kesileni jeza çekmekden boşadýar.

Şu Permanyň güýje girmeginden ozal edilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresi göz öňünde tutulan jenaýatlar hakyndaky işler boýunça sud, eger azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly däl jeza çäresini bellemek zerur diýip hasap etse iş kesileni jeza çekmekden boşadýar.

12. Şu aşakdakylaryň çekilmedik jeza möhletini aşakda görkezilişi ýaly azaltmaly:

a) şu Permanyň 1, 2, 3, 4, 5-nji we 10-njy maddalarynyň täsirine düşmeýän kämillik ýaşyna ýetmedik erkek adamlaryň we seresapsyzlyk zerarly edilen jenaýatlar üçin bäş ýyldan ýokary möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlaryň, şeýle hem şu Permanyň 6-njy maddasynyň täsirine düşmeýän, zähmete hökman çekmek bilen azatlykdan mahrum etmäge şertli iş kesilen adamlaryň ýarpy möçberinde;

b) bilkastlaýyn jenaýat üçin bäş ýyla çenli we bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de şu Permanyň 1, 2, 3-nji we 10-njy maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlaryň üçden bir bölegi möçberinde;

w) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin boş ýyldan köp möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen hem-de şu Permanyň 1-nji maddasynyň täsirine düşmeýän adamlaryň dörtden bir bölegi möçberinde.

13. Şu Permanyň 1-12-nji maddalarynyň güýjüni şu aşakdaky iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-nji (Watana dönüklik etmek), 64-nji (terroristik akt), 65-nji (daşary ýurt döwletiniň wekiline garşy terroristik akt), 66-njy (diwersiýa), 67-nji (zyýankeşlik), 72-nji (milli we jyns deň hukuklylygynyň bozulmagy), 75-nji (banditizm), 76-njy (düzediş-zähmet edaralarynyň işini bulaşdyrýan hereketler), 77-nji (kontrobanda), 78-nji (köpçülikleýin tertipsizlikler), 85-nji (gatnaw ýollaryny we transport serişdelerini zaýalamak), 86-njy (galp pullary ýa-da gymmatly kagyzlary ýasamak ýa-da ýerleşdirmek) maddalarynda, 87-nji maddasynyň ikinji böleginde (walýuta operasiýalary hakyndaky kadalary günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bozmak), 90-njy maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak arkaly iýilmegi), 91-nji maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji böleklerinde (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talaňçylyk arkaly iýilmegi), 92-nji maddasynda (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi), 93-nji maddasynyň üçünji böleginde (eýelemek, rastrata etmek ýa-da gulluk ýagdaýyny hyýanatçylykly ulanmak arkaly döwlet ýa-da jemgyýetçilik emleginiň iýilmegi), 94-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde döwlet ýa-da jemgyýetçilik emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk arkaly iýilmegi), 95-nji (döwlet ýa-da jemgyýet-emläginiň aýratyn uly möçberlerde iýilmegi), 98-nji (döwlet, kooperatiw ýa-da jemgyýetçilik emlägini gorkuzyp almak) maddalarynda 101-nji maddasynyň ikinji böleginde (döwlet ýa-da jemgyýetçilik emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zaýalamak), 106-njy (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan adam öldürmek), 107-nji (bilkastdan adam öldürmek), 113-nji (syna bilkastdan agyr şikes ýetirmek) maddalarynda, 120-nji maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji böleklerinde (wenerik keselleri ýaýratmak), 122-nji (zorlamak), 125-nji (azgynçylyk hereketleri), 126-nji (beçebazlyk), 135-nji (çagany ogurlamak ýa-da çalyşmak), 136¹ (adamlary girewine almak) maddalarynda, 155-nji maddanyň ikinji, üçünji, dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägine günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak), 156-iji maddasynyň ikinji, üçünji, dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talamak), 157-nji maddasynda (garakçylyk), 158-iji maddasynyň ikinji, üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk), 159-njy gorkuzyp almak), 163-nji (graždanlaryň şahsy emlägini bilkastdan ýok etmek ýa-da zaýalamak) maddalarynda, 171-nji maddasynyň üçünji böleginde (spekulýasiýa), 164-nji maddasynyň ikinji böleginde (balyk we beýleki suw haýwanlaryny tutmak, käri bilen günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda meşgullanmak), 185-nji maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bikanun aw awlamak), 192-nji maddasynyň ikinji böleginde (erkin we gulluk ygtyýarynyň çäginden günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda çykmak), 194-nji (para almak), 195-nji (para almak-bermekde arada durmak), 196-njy (para bermek), 198-nji (takyk bigünä adamy jenaýat jogapkärçiligine çekmek), 199-njy (göz-görtele adalatsyz höküm, çözgüt, kesgitleme ýa-da karar çykarmak), 200-nji (görnetin bikanun tussag etmek ýa-da tutup saklamak), 201-nji (görkeziş bermäge mejbur etmek), 216-njy (milisiýa işgärine ýa-da halk družinasyna garşylyk görkezmek), 219-njy (wezipeli adama ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän graždana haýbat atmak ýa-da zorluk etmek), 220-nji (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddalarynda, 236-njy maddasynyň ikinji, üçünji bölekleride (zandyýamançylykly aýratyn zandyýamançylykly huligançylyk etmek), 237¹-nji (jenaýatçylyk ýoly bilen edinilendigi äşgär bolan emlägi satyn almak ýa-da ýerleşdirmek), 243-nji (transport serişdeleriniň ogryn äkidilmegi 244²-nji (demir ýoluň hereket edýän sostawyny, howa, deňiz ýa-da gämisini alyp gaçmak ýa-da basyp almak, wokzaly, aerodromy, ýa-da gaýry transport kärhanasyny basyp almak, ýükleri basyp almak), 250-nji (atylýan ýaragy, söweş ok-därilerini ýa-da partlaýjy maddalary ogurlamak), 256-njy (güýçli täsir ediji we zäherli maddalaryň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, satyn alynmagy, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi), 257-nji (narkotiki maddalaryň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, satyn alynmagy, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi we satylmagy), 257²-nji (narkotiki maddalaryň ogurlanmagy), 259³-njy (narkotiki maddalary ulanmakdan ötri neşehanalaryň guralmagy ýa-da saklanylmagy), 268-nji (boýun egmezlik), 270-nji naçalnige garşylyk görkezmek ýa-da ony gulluk borjuny bozmaga mejbur etmek) 272-nji (naçalnik barasynda zorlukly hereketler), 281-nji (harby emlägi bilgeşleýin ýok etmek ýa-da zaýalamak), 290-njy (erki hyýanatly ulanmak, erkiň çäginden çykmak we gulluga sowuk-sala garamak) maddalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 276-njy (goşun böleginden ýa-da gulluk edilýän ýerden birugsat gitmek), 277-nji (dezertirlik) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere, şu Permanyň 16-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;

b) bilkastlaýyn jenaýat üçin ozal iş kesilen hem-de bilkastlaýyn jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmäge ýene-de iş kesilenleri;

w) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere;

g) jeza çekmek düzgünini zandyýamanlyk bilen bozujylar bolup durýanlara;

d) sud tgarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ozal boşadylan we ýene-de bilkastdan jenaýat edenlere.

14. Eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda alkogolizmden, neşekeşlikden ýa-da wenerik kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barada amnistiýa akty bejerişiň doly kursy tamamlanandan soň ulanylýar.

15. Jeza çekýän wagtynda tussagda saklaýyş ýerlerinden ýa-da tussag astyadan gaçan ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekmekden boýun towlan hem-de şu Perman çap edilen günden başlap 15 gün möhletiň dowamynda milisiýa organlaryna ýa-da jeza çeken ýerine meýletin gaýdyp baran adamlar şu jenaýatlar (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 209, 209¹-nji maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar hem-de şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmäge degişlidir.

16. Şu Perman çap edilen günden başlap 20 günüň dowamynda ozalky gulluk ýerlerinde ýa-da etrap (şäher) harby komissarlyklaryna meýletin baran goşun bölümlerinden ýa-da gulluk edýän ýerlerinden birugsat giden harby gullukçylar, dezertirler hem şu jenaýatlar üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 276, 277-nji maddalary) boýunça jogapkärçilikden boşadylýar we şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmäge degişlidir.

17. Türkmenistanyň sudlary, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda SSSR-iň sudlary tarapyndan iş kesilen adamlar şu Permanyň täsirine düşýär.

18. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär hem-de dört aýyň dowamynda ýerine ýetirmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 30-njy sentýabry

№ PP-600

Salgylanýar