Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Daşoguz welaýatynda daýhan birleşiklerini, täze ilatly ýerleri we geňeşlikleri döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Daşoguz welaýatynda daýhan birleşiklerini, täze ilatly ýerleri we geňeşlikleri döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Daşoguz welaýatynda daýhan birleşiklerini, täze ilatly ýerleri we geňeşlikleri döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý, № 11, 567-nji madda)

"Türkmenistanda durmuş - ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry" Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň zähmetkeşleriniň ýüztutmalaryny we häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, karar edýärin:

1. «Şasenem» düzlüginde: S.A.Nyýazow adyndaky etrapda:

«Ruhnama» daýhan birleşigini, oba derejesindäki täze ilatly ýeri we daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde geňeşlik döredip,olara «Ruhnama» adyny dakmaly;

«Oguzhan» daýhan birleşigini, oba derejesindäki täze ilatly ýeri we daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde geňeşlik döredip, olara «0guzhan» adyny dakmaly;

Ýylanly etrabynda:

Atamyrat aga adyndaky daýhan birleşigini, oba derejesindäki täze ilatly ýeri we daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde geňeşlik döredip, olara Atamyrat aga adyny dakmaly:

«Altyn asyr» daýhan birleşigini, oba derejesindäki täze ilatly ýeri we daýhan birleşiginiň peýdalanýan ýerleriniň çäklerinde geňeşlik döredip, olara «AItyn asyr» adyny dakmaly .

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugy Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde täze döredilen daýhan birleşiklerine bellenilen tertipde ýer bermeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Daşoguz welaýatynyň häkimligi gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 18-nji noýabry

№ PP-3767