Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 11, 536-njy madda)

Türkmenistanyň Prezidentinin şu namalaryna üýtgetmeler girizmeli:

I. «Harby bölümiň söweşjeň baýdagy hakynda» Türkmemstanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 2-nji fewralynda çykaran №1734 Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1996-njy ýyl. № 2, 2975-nji madda) bilen tassyklanylan, Harby bölümiň söweşjeň baýdagyny gowşurmagyň, bermegiň, gorap saklamagyň hem-de saklamagyň tertibiniň 1-nji bölüminiň ikinji bendinde «düzgün-nyzam» diýen sözi aýyrmaly.

II. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran № 2454 Permany bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň garnizón we garawul gulluklarynyň tertipnamasynda:

1. 2-nji maddanyň üçünji böleginde we 96-njy maddanyň ikinji böleginde «we düzgün-nyzam batalonynda» diýen sözleri aýyrmaly.

2. 20-nji maddanyň birinji böleginiň ýigrimi birinji bendinde garnizonda harby gullugy geçmeýän harby gullukçylar düzgün-nyzam batalonyna ibermäge iş kesilen mahaly olary jeza çekilyän yere ibermegi guramaly» diýen sözleri aýyrmaly.

3. 50-nji maddanyň birinji böleginde:

üçünji bentde «hökümiň nusgasyny ýa-da» diýen sözleri «nusgasyny» diýen söz bilen çalşyrmaly.

sekizinji bentde «we iş kesilenler» ýa-da «hökümiň» diýen sözleri aýyrmaly.

4. 97-nji maddanyň üçünji böleginde «praporşikler» diýen sözi starşinalar» diýen söz bilen çalşyrmaly.

5. 104-nji maddanyň birinji böleginde «we iş kesilenler» diýen sözleri aýyrmaly.

6. 168-nji maddanyň ikinji bendinde «hökümiň ýa-da» diýen sözleri aýyrmaly.

7. № 4 goşundynyň post sanawynyň dördünji sahypasynyň 4-nji bölüminde «ýa-da iş, kesilenler tarapyndan» diýen sözleri aýyrmaly.

8. № 14 goşundyda:

a) 2-nji bölümiň bäşinji we altynjy bentlerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli;

b) 3-nji bölümde «praporşikler we miçmanlar» diýen sözleri aýyrmaly;

ç) 6-njy bölümiň üçünji bendinde «iş kesilenler (sud edilenler) bolsa suduň hökümi (kesgitlemesi) bilen» diýen sözleri «işi kazyýetde garalanlar bolsa kazyýetiň kesgitlemesi bilen» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

d) 10-njy bölümiň birinji bendinde «sud tarapyndan iş kesilenler» diýen sözleri aýyrmaly;

e) 13-nji bölümiň birinji bendinde «suduň höküminiň, kesgitlemesiniň nusgasyna» diýen sözleri «kazyýetiň kesgitlemesiniň nusgasyna» diýen sözler bilen calşyrmaly;

ä) l7-nji bölümiň üçünji bendinde «şertnama boýunça harby gulluga girenler» diýen sözleri «borçnama boýunça harby gullugy gecýänler» diýen sözler bilen calşyrmaly;

f) 31-nji bölümiň öňünde bölegiň sözbaşysynda «sud tarapyndan iş kesilenler, işi sudda garalýanlar, jenaýatda güman edilýänler we aýyplanyýanlar» diýen sözleri «işi kazyýetde garalýanlar, jenaýatda güman edilýänler we aýyplanylýanlar bolup durýanlar» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

g) 31-nji bölümde «sud tarapyndan iş kesilenler işi sudda garalýanlar, jenaýatda güman edilýänler we aýyplanylýanlar» diýen sözleri işi kazyýetde garalýanlar, jenaýatda güman edilýänler we aýyplanylýanlar bolup durýanlar» diýen sözler bilen çalşyrmaly, «iş kesilenler we» diýen sözleri aýyrmaly;

h) 32-nji bölümde:

birinji bentde «sud tarapyndan iş kesilenler, işi sudda garalýanlar, jenaýatda güman edilýänler we aýyplanylýanlar» diýen sözleri «işi kazyýetde garalýanlar, jenaýatda güman edilýänler we aýyplanylýanlar bolup durýanlar» diýen sözler bilen çalşyrmaly;

üçünji bentde «we iş kesilenler» diýen sözleri aýyrmaly;

i) 33-nji bölümde «şeýle hem iş kesilenler jeza cekilýän ýere iberilmänkä» diýen sözleri aýyrmaly;

j) 36- njy bölümde we iş kesilenler» hem-de «ýa-da hökümiň» diýen sözleri aýyrmaly;

z) 41-nji bölümiň altynjy bendini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli;

k) 42-nji bölümiň üçünji bendinde «we iş kesilenler» diýen sözleri aýyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 12-nji noýabry

№ РР-3736