Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura işleri baradaky döwlet komitetini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Arhitektura we gurluşyk işleri baradaky döwlet uprawleniýesine öwürmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura işleri baradaky döwlet komitetini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Arhitektura we gurluşyk işleri baradaky döwlet uprawleniýesine öwürmek hakynda
010.230.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 7, 442-madda)
Türkmenistanyň halk hojalygyny dolandyrmagyň strukturasyny düzgünleşdirmek maksady bilen karar edýärin:
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura işleri baradaky döwlet komitetini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky arhitektura we gurluşyk işleri baradaky döwlet uprawleniýesine öwürmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 28-nji iýuly
№ UP-512