Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 7, 435-madda)
Ýerlerde dolandyryş organlarynyň işini utgaşdyrmak hem-de olaryň netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen karar edýärin:
Ahal welaýatynyň häkimi ýoldaş Jumageldi Amansähedowy, Daşhowuz welaýatynyň häkimi ýoldaş Sapargeldi Motaýewi, Mary welaýatynyň häkimi ýoldaş Gurban Myradowiç Orazowy, Lebap welaýatynyň häkimi ýoldaş Pirguly Ödäýewi, Balkan welaýatynyň häkimi ýoldaş Rejepmämmet Puhanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 21-nji iýuly
№ PP-505