Baýramaly raýon suduny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Baýramaly raýon suduny döretmek hakynda
180.020.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 3, 192-madda)
«Türkmenistanyň Mary oblastynda Baýramaly raýonyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň 1991-nji 26-njy dekabrynda çykaran karary mynasybetli karar edýärin:
1. Baýramaly raýon suduny döretmeli.
2. Baýramaly raýon sudy üçin sudýalaryň sanyny 1 sudýa diýip bellemeli.
3. Garagum raýon we Baýramaly şäher sudlarynyň Baýramaly raýonynda
işleýän hem-de ýaşaýan halk oturdaşlary öz ygtyýarlaryny Baýramaly raýon sudunda amala aşyrýarlar diýip bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 24-nji marty
№ UP-344