O. Atanyýazow, H. Mätjumaýew, D. Ussaýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
O. Atanyýazow, H. Mätjumaýew, D. Ussaýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
010.200.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 2, 145-madda)
Türkmen žurnalistikasyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin, şu aşakdakylara «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň Žurnalistler soýuzynyň agzasy Oraznyýaz Atanyýazowa.
Daşhowuzyň «Daşhowuz habarlary» oblast gazetiniň bölüm müdiri Mätjumaýewe.
Gyzylarbat raýon «Zähmetkeşler sesi» gazetiniň redaktory Durdymuhammet Ussaýewe.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 26-njy fewraly
№ UP-316