Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Aşgabat şäherinde Çandybil etrabyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Aşgabat şäherinde Çandybil etrabyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Aşgabat şäherinde Çandybil etrabyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 12, 572-nji madda)

Garaşsyzlygymyzyň şanly 10 ýylynyň içinde baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheri görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni we ylmy merkezi bolan Aşgabadyň soňky on ýylky ösüşi onuň döräninden bäri ösüşinden-de has ýokarydyr. Şu gysga döwürde gurlan beýik-beýik binalar, gözel ymaratlar, köşkler, medeniýet ojaklary, erem bagyny ýada salýan akar suwly, bagy bossanly seýilgähler, iň ýokary amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, aýna ýaly gara ýollar, söwda merkezleri Aşgabady dünýäniň iň gözel, iň owadan şäherleriniň hataryna goşdy. Ak mermere bürelen hem-de töwerek-daşy millionlarça gök agaçlara gurşalan gözel Aşgabadymyz günorta tarap Köpetdagyň tämiz howaly gerişlerine tarap uzalyp, onuň meýdany iki esse artdy. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyna laýyklykda paýtagtymyz has-da öser, gözelleşer we dünýä ýalkym saçýan şäherleriň birine öwrüler. Onuň ilaty bolsa, häzirki döwürde 730 müň bolanlygyndan, 2010-njy ýyla çenli 1 million 300 müň adama golaýlar.

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty gözel Aşgabady has-da ösdürmek baradaky mukaddes maksatlarymyzyň myrat bolmagy üçin, onuň görlüp-eşidilmedik derejede ösüşini, çäginiň, meýdanynyň giňelmegini, ilatynyň artmagyny, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň teklibini göz öňünde tutup, karar edýärin:

1. Aşgabat şäherinde täze etraby döredip, ony Çandybil etraby diýip atlandyrmaly.

2. Täze döredilen Çandybil etrabyna edara ediş taýdan degişli ýerleriň serhetlerini goşunda laýyklykda tassyklamaly.

3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugy edara ediş taýdan Aşgabat şäheriniň Çandybil etrabyna degişli ýerleri Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimlikleri bilen bilelikde ýerinde bellemek we teswirlemek boýunça işleri ýerine ýetirmeli.

4. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň Döwlet býujetinde täze döredilen Çandybil etrabynda üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek hem-de döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny saklamak üçin zerur maliýe serişdeleriniň berilmegini göz öňünde tutmaly.

5. Täze döredilen Çandybil etrabynyň çäklerinde pudaklaýyn gulluklary, ministrlikleri we pukdaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşyp döretmäge Aşgabat şäheriniň häkmligine ygtyýar bermeli.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda şäherleriň we geňeşlikleriň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 27-nji dekabry

№ PP-3532