Tejen raýon, şäher suduny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Tejen raýon, şäher suduny döretmek hakynda
180.020.040
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 2, 141-madda)
«Halk deputatlarynyň Köneürgenç raýon we şäher, Tejen raýon hem-de şäher Sowetlerini, olaryň ýerine ýetiriji we serenjam beriji organalryny birleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul eden karary mynasybetli karar edýärin:
1. Tejen şäher we Tejen raýon sudlaryny ýatyrmaly.
2. Tejen raýon, şäher suduny döretmeli.
3. Tejen raýon, şäher sudy üçin sudýalaryň sanyny 2 sudýa mukdarynda bellemeli.
4. Tejen raýon we Tejen şäher sudlarynyň Tejen şäherinde hem-de Tejen raýonynda ýaşaýan we işleýän halk oturdaşlary öz ygtyýlaryny Tejen raýon, şäher sudunda amala aşyrýarlar diýip bellemeli.
5. «Türkmenistan SSR-niň raýon (şäher) halk sudlarynyň halk sudýalarynyň sanyny bellemek hakynda» Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezndiumynyň 1987-nji ýylyň 28-nji martynda kabul eden Permanyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 24-nji fewraly
№ UP-312