Köneürgenç raýon, şäher suduny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Köneürgenç raýon, şäher suduny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 2, 140-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.05.2023 ý. çykaran № PP-209 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
«Halk deputatlarynyň Köneürgenç raýon we şäher, Tejen raýon hem-de şäher Sowetlerini, olaryň ýerine ýetiriji we serenjam beriji organalryny birleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1992-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul eden karary mynasybetli karar edýärin:
1. Köneürgenç şäher we Köneürgenç raýon sudlaryny ýatyrmaly.
2. Köneürgenç raýon, şäher suduny döretmeli.
3. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap kazyýetiniň kazylarynyň sanyny 2 birlik möçberde kesgitlemeli.
4. Köneürgenç raýon we Köneürgenç şäher sudlarynyň Köneürgenç şäherini hem-de Köneürgenç raýonynda ýaşaýan we işleýän halk oturdaşlary öz ygtyýarlaryny Köneürgenç raýon, şäher sudunda amala aşyrýarlar diýip bellemeli.
5. «Türkmenistan SSR-niň raýon (şäher) halk sudlarynyň halk sudýalarynyň sanyny bellemek hakynda » Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1987-nji ýylyň 28-nji martynda kabul eden Permanyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 24-nji fewraly
№ PP-311