Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 9, 456-njy madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2001-nji ýylyň noýabrynda – dekabrynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, şeýle hem harby gulluga çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly raýatlary 2001-nji ýylyň oktýabrynda - dekabrynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 14-nji sentýabry
№ PP-3460