Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň Beýik Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyny baýram etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň Beýik Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyny baýram etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň Beýik Garaşsyzlygynyň

10 ýyllygyny baýram etmek hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 8, 406-madda)

Baky bitarap Türkmenistan döwletimiz we onuň mähriban halky uly ruhubelentlik bilen özüniň beýik Garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk şanly toýuna barýar. Taryhy nazarýetden seretseň, 10 ýyl uzak möhlet däldir. Emma edilen işlere, ýetilen sepgitlere, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş durmuşyna baha berseň, onda şeýle gysga döwrüň içinde asyrlara barabar ýoluň geçilendigini görmek bolýar. Elli asyrlyk taryhy bolan türkmen halkymyz 1991-nji ýylda özbaşdak döwlete eýe bolup, asuda, abadan durmuşda ýaşap başlady, ýokary ösüşleri gazanyp, özüniň altyn asyryna gadam basdy.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyly içinde ata Watanymyz Eziz Türkmenistanymyzda döwlet gurluşynda, içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde we sungatda hem-de durmuşyň beýleki wajyp ugurlarynyň ählisinde özgertmeler iňňän takyklyk bilen işlenilip düzüldi. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenilip düzülen «10 ýyl abadançylyk», «Täze oba», «Galla», «Bilim», «Saglyk», «Nebit-gaz» maksatnamalarymyzyň doly ýerine ýetirilmegi bolsa türkmeniň tutan maksadyna ýetmegi başarýan gujurly, gaýratly, gahryman, agzybir, jebis halkdygyny dünýä äşgär etdi hem-de oňa bütin dünýä abraýyny getirdi.

Eziz Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatda gazanan üstünlikleriniň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Adamzat taryhynda ilkinji gezek özüne 185 döwleti jemleýän dünýäniň iň uly we abraýly edarasy bolan BMG Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny resmi taýdan ykrar etdi.

Ykdysadyýetimizde geçirýän özgertmeleriň netijesinde bitarap Türkmenistan 2000-nji ýylyň jemleri boýunça türkmen halkymyzyň altyn asyrynyň eýýäm birinji ýylynda milli girdeji babatda 17,6% ösüş gazanyp, dünýä döwletleriniň arasynda iň ýokary netijä eýe boldy. Türkmen kalbynyň aýnasy bolan Runnamamyzyň kabul edilen ýylynda şöhratly ata-babalarymyzyň ruhlary siňen bereketli türkmen topragyndan halkymyzyň taryhynda birinji gezek 2 million tonnadan gowrak «ak bugdaý» öndürildi we güneşli ülkämizde azyk garaşsyzlygy öňküden-de berkidildi, iň kämil enjamlar bilen abzallaşdyrylan dokma senagatymyz öndürilýän önümleriň hili we mukdary boýunça dünýä bazarynda esasy orunlaryň birini eýeledi.

Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň gurulmagy bilen gadymy «ýüpek ýoly» täzeden dikeldi we Ýewropa we Aziýa tarap altyn köpri guruldy. Türkmenabat-Atamyrat demir ýolunyň gurluşygy tamamlandy, Aşgabat-Daşoguz demir ýolunyň gurluşygy bolsa güýçli depgin bilen dowam edýär. Aşgabat-Mary, Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurlyp başlanmagy gözel ülkämiziň oba-şäherleriniň has-da ösmegine täsir eder hem-de agzybir halkymyzyň hyzmatynda bolar. Nebit-gaz senagatymyzda geçirýän düýpli özgertmelerimiziň netijesinde, nesip bolsa, beýik Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda nebitiň öndürilişi 10 million tonna, gazyň çykarylyşy 70 milliard kub metre ýeter. Bu bolsa bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkider. Tutuş ýurdumyz gurluşyk meýdançasyna, bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabadymyz ak mermere örtülip, bagy-bossanlyga öwrüldi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyly içinde bitarap Türkmenistan mähriban halkymyzyň gahrymançylykly zähmetiniň, agzybirliginiň, jebisliginiň, ruhubelentliginiň netijesinde öz ykdysadyýetimize milliardlap maýa goýup, öz maddy serişdelerimiziň hasabyna uly sepgitlere ýetdi. Şol sebäpli türkmen halky üçin 10 ýyllyk sene taryhy döwürdir. Mähriban halkymyz öz gahrymançylykly çeken zähmetiniň hözirini görmäge, görlüp-eşidilmedik ýeňişleri bilen bir-birini ýürekden gutlamaga, dabaraly toý tutup, saçaklaryny giňden açmaga, sylag-serpaý almaga, uly hormata we sarpa doly mynasypdyr.

Türkmen döwletiniň 10 ýyl garaşsyz, özbaşdak döwlet bolmagynyň, gysga döwrüň içinde milli, ykdysady we ruhy ösüşimiziň, mähriban halkymyzyň çeken halal we merdana zähmetiniň, onuň agzybirliginiň we jebisliginiň şanyna, şeýle hem şu beýik senäniň eziz halkymyzyň ykbalyndaky taryhy ähmiýetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 30-njy oktýabryna çenli döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllygynyň toý günleri diýip yglan etmeli.

2. 2001 -nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 30-njy oktýabryna çenli döwri iş güni däl, dynç alyş günleri diýip bellemeli.

Görkezilen döwürde raýatlaryň esasy iş ýeri boýunça iş hakyny, hormatly dynç alyşdaky pensionerleriň, maýyplaryň we talyplaryň kömek pullaryny kanuna laýyklykda doly tölemeli.

3. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk baýramçylygynyň şanyna esasy iş ýeri boýunça eýeçiligiň ähli görnüşlerinde işleýänlere bir aýlyk hakyny, hormatly dynç alyşdaky pensionerlere, maýyplara we talyplara bir aýlyk tölenýän pullarynyň möçberinde goşmaça toý sowgadyny bermeli.

4. Halk hojalygynyň üznüksiz işleýän edara-kärhanalaryndaky işçileriň we gullukçylaryň dynç alyş günlerini soňra bermek şerti bilen, olaryň 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 30-njy oktýabry aralygynda toý günlerindäki işlän haklaryny iki esse köpeldip tölemeli.

5. Eziz watandaşlar! 10 ýylda gazanylan üstünliklerde her bir türkmenistanlynyň goşandy bar. Sizi ýürekden Beýik toýumyz bilen gutlaýaryn! Goý, türkmen topragynda parahatçylyk, agzybirlik höküm sürsün, mähriban ilimiziň saçagynyň berekedi egsilmesin!

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 10-njy awgusty

№ PP-3447