Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler bankyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler bankyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler bankyny döretmek hakynda

070.190.040

Daşary ykdysady aragatnaşyklara walýuta-kredit hyzmatyny üpjün etmek, walýuta resurslarynyň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen hem-de bank işlerini dolandyrmagyň soýuz strukturalarynyň ýatyrylmagy mynasybetli karar edýärin:

1. SSSR Daşary ykdysady bankynyň Aşgabat şäherindäki Bölüminiň bazasynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler bankyny (Türkmen daşary ykdysady banky) döretmeli.

2. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler bankyna walýuta operasiýalaryny geçirmek üçin bellenilen tertipde lisenziýalar bermegi Türkmenistanyň Döwlet bankyna tabşyrmaly.

3. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler banky hakyndaky düzgünnamany bir aý möhletde Türkmenistanyň Hökümetine bermegi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady işler bankyna we Türkmenistanyň Döwlet bankyna tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 27-nji ýanwary

№ UP-278