Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Gumdag şäher suduny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Gumdag şäher suduny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Gumdag şäher suduny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.05.2023 ý. çykaran № PP-209 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

«Balkan oblastynyň Gumdag şäher tipli posýologyny oblast tabynlyygyndaky şäherleriň kategoriýasyna degişli" etmek hakynda» Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň 1991-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran karary mynasybetli karar edýärin:

1. Gumdag şäher suduny döretmeli.

Ikinji bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.05.2023 ý. çykaran № PP-209 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

3. Gumdag şäher sudunyň sudýasy bellenilýänçä Gumdag şäheriniň territoriýasynda işlere we materiallara garamakda Nebitdag şäher sudunyň ygtyýarlyklaryny saklap galmaly.

4. Nebitdag şäher sudunyň Gumdag şäheriňde işleýän we ýaşaýan halk oturdaşlarynyň öz ygtyýarlyklaryny Gumdag şäher sudunda amala aşyrýarlar diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 22-nji ýanwary

№ UP-275