Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 5, 299-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.08.2019 ý. çykaran № PP-554 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň geljekki ykdysady binýadynyň aýrylmaz bölegi bolan Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek häzirki wagtda döwleti ösdürmegiň has möhüm we derwaýys ugry bolup durýar.

Şu uly ähmiýetli syýasy we ykdysady wezipäniň ýerine ýetirilmegi Hazar deňziniň türkmen böleginiň dünýäniň ykdysady ulgamyna doly we hemme taraplaýyn goşulyşmagyny üpjün etmäge, türkmen halkynyň altyn asyrynda garaşsyz bitarap Türkmenistany kuwwatly deňiz döwletine öwürmäge mümkinçilik berer.

Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmagy gazanmak, Hazar deňziniň we onuň kenar ýakasynyň tebigy serişdelerini peýdalanmak we özleşdirmek bilen baglanyşykly işleri amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işini has-da netijeli dolandyrmak, oňa gözegçilik etmek we ony utgaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy diýip üýtgetmeli.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk salgysy – Aşgabat şäheri, Tähran köçesi, 6.

Üçünji bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.08.2019 ý. çykaran № PP-554 Permany esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

4. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky Milli gullugy döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 12-nji awgustynda çykaran № 2936 Permanynyň 2-nji bölümini (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 1999-njy ýyl, № 8, 402-nji madda);

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek baradaky milli gullugyň Ýokary geňeşiniň düzümine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 28-nji iýunynda çykaran № 3135 Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2000-nji ýyl, № 6, 305-nji madda).

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 30-njy maýy

№ PP-3405