Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Kärhanalaryň we guramalaryň emlägine salgyt salmagy girizmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Kärhanalaryň we guramalaryň emlägine salgyt salmagy girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Kärhanalaryň we guramalaryň emlägine salgyt salmagy girizmek hakynda

070.110.010

1. Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalaryň, guramalalaryň konsernleriň, assosiasiýalaryň we kärhanalaryň beýleki birleşikleriniň emlägine Türkmenistanyň territoriýasynda 1992-nji ýylyň 1 ýanwaryndan başlap, salgyt salmagy girizmeli.

2. 1992-nji ýylyň I kwartalynyň jemlerindän başlap, býujet bilen geçirilýän hasaplaşyklarda kärhanalar, guramalar, olaryň birleşikleri tarapyndan emläge bolan salgyt hasaplanylyp çykarylýar.

3. Türkmenistanyň territoriýasynda ýerleşen ýuridik taraplaryň emlägine, şeýle hem onuň territoriýasynyň çäginden daşarda ýerleşen olaryň filiallaryna we kiçi bölüm düzümleriniň emlägine salgyt salynýar.

4. Salgyt töleýjiniň peýdalanmagyndaky ýa-da onuň eýe bolmagyndaky emläginiň ortaça ýyllyk bahasynyň I prosenti möçberinde emläge salgyt stawkasy bellenilýýär.

5. Türkmenistanyň kanunlaryny şu Permana laýyk getirmek baradaky teklibi Ýokary Sowete ýazyp bermegi Türkmenistan Hökümetine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 6-njy ýanwary

№ UP-255