Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Gymmatyň üstüne goşulan bölegine salgyt salmagy girizmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Gymmatyň üstüne goşulan bölegine salgyt salmagy girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Gymmatyň üstüne goşulan bölegine salgyt salmagy girizmek hakynda

1. 1992-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň territoriýasynda gymmatyň üstüne goşulan bölegine salgyt salmagy girizmeli.

2. Harytlary (daşary ýurtlardan getirilen harytlardan başga), şol sanda önümçilik-tehniki maksat üçin niýetlenen harytlary, ýerine ýetirilen işleri we edilen hyzmatlary ýerlemek baradaky dolanşyklar, şol sanda haryt alyş-çalyş operasiýalary we önüm eýesiniň üýtgemegi bilen baglanyşykly beýleki operasiýalar salgyt salmagyň obýektleri hasaplanýar.

Özleriniň öndürýän ähli harytlary hem, satyn alnan we keseden taýýarlanan, şol sanda daşary ýurt walýutasyna alnan ähli harytlary hem ýerleşdirmek baradaky dolanşyklar salgyt salmaga degişlidir.

3. Gymmatyň üstüne goşulan bölegine salgyt tölemek 28 prosent möçberdäki-stawka boýunça geçirilýär.

4. Gymmatyň üstüne goşulan bölegine we aksizlere salgyt salmagy girizmek bilen baglanyşykly dolanyşykdan salgyt almagy hem-de satmakdan salgyt almagy ýatyrmaly.

5. Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň Kanunlaryny şu Permana laýyk getirmek baradaky teklibi taýýarlamalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 6-njy ýanwary

№ UP-253