Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda geňeşligi döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda geňeşligi döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 2, 113-nji madda)
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň durmuş-ykdysady ösüşini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle hem ýerleşýän ýerini, Halaç etrabynyň we Lebap welaýatynyň zähmetkeşleriniň ýüztutmalaryny hem-de häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:
1. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda täze geňeşligi döredip, oňa Altyn asyr adyny dakmaly.
Çylan, Baýhalky, Arykaýak, Mäşpaýa, Pesti we Kazyaryk obalaryny täze döredilen Altyn asyr geňeşliginiň düzümine goşup, olary Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde geňeşliginiň düzüminden çykarmaly.
Altyn asyr geňeşliginiň merkezi Kazyaryk obasy bolmaly.
2. Türkmenistanda şäherçeleriň we geňeşlikleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran № 1327 karary bilen tassyklanylan sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 24-nji fewraly
№ PP-3340